img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Sen

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Prezident Serd...

DOWAMY
pic
14 Sen

Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.  Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň hormatly Pr...

DOWAMY
pic
11 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kendzi Ýamada bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýete eýedigini belläp, taraplar özara bähbitli hyzma...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda GDA-nyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çä...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio K...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezide...

DOWAMY