img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

2025-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
22 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçirilýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Soňra “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýo...

DOWAMY
pic
22 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy. Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatna...

DOWAMY
pic
20 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahat...

DOWAMY
pic
18 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Ýaponiýa şu gezekki sapary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “E...

DOWAMY
pic
13 Dek

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldil...

DOWAMY
pic
12 Dek

Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Tegelek binagärlik toplumy hökmünde gurlan bu özboluşly bina ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik ke...

DOWAMY