SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 29-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň däp bolan türk-türkmen g...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi....
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň öz...
Türkmenistanyň we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogaryň çäklerinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda Türkmenistan ynsanperwerlik we...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de rus tarapynyň Türkmenistan bile...
S.Lawrow: Russiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini paýhas bilen saýlamagyna uly hormat bilen garalýar
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Russiýanyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Ministr dünýä syýasatynyň soňky tendensiýalary baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdy. Dürli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilişi barada gürrüň berdi. Russiýanyň daşary syýasat eda...
Daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynda Hazar meselesine aýratyn ähmiýet berildi
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Hazar sebitinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri kenarýaka döwletleriň arasynda sazlaşykly özara hereketleriň möhümligini aýratyn nygtady. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde aýdyň kesgitlenilendigi bellenildi. Türkmenistanyň ýolbaşçylygyn...