SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň Daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar. m...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. mfa.gov.tm
R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi....
Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri bellenil...
Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edara...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde halkara syýasy we ykdysady giňişlikde alyp barýan işini halkara gatnaşyklara gatnaşyjylaryň özüni alyp barşyny düzgünleşdirýän köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda amala aşyrýar. Şunda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we hukuk şahslary bilen baglaşan ylalaşyklary hem-de şertnamalary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmekdäki ýurduň hukuk taýdan esaslandyrylan we anyk kesgitlenen çemeleşmesini aýratyn...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi....