SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PUSAN ŞÄHERINIŇ HÄKIMI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pusan şäheriniň häkimi Pak Heong-Jun bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, häzir bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respu...
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy. “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Me...
TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN ÝAKYN GATNAŞYKLARY PUGTALANDYRMAGA WE ANYK MAZMUN BILEN DOLDURMAGA IKI TARAPYŇ HEM TAÝÝARDYGYNY TASSYKLAÝARLAR
Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň özbek kärdeşi bilen gepleşikleriniň jemi boýunça soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň düýpgöter täze ugruny döretmek we hyzmatdaşlyga strategik häsiýet bermek başardandygy bellenildi. Şeýle hem doganlyk halklaryň jebis gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk hem anyk mazmun bilen üstüni ýetirmäge iki tarapyň hem taýýardygy tassyklan...
BILELIKDÄKI HARBY-MEÝDAN TÜRGENLEŞIGI GEÇIRILDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady. Ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Se...
TDHÇMB-NYŇ GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 54 MILLION 250 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 54 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk we bu guramanyň ornuny güýçlendirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biz BMG-niň Tertipnamasynyň belent ynsanperwer maksatlarynyň, gymmatlyklarynyň, ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda hukuk we ruhy taýd...