RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Okt

AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2022» ATLY HALKARA MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalan...

DOWAMY
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
26 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...

DOWAMY
26 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE COP26-NYŇ SEBITLEÝIN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyla...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. https:...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

?Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy...

DOWAMY
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» 15-NJI HYZMATDAŞLYK FORUMYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlar, şol sanda en...

DOWAMY