img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Wilýam Lif bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk, ykdysady-ekologik hyzmatdaşlyk we ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar daşky gurşawy goramak we Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlyg...

DOWAMY
pic
12 Awg

BMG bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk utgaşdyrmak we amaly taýdan ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we T...

DOWAMY
pic
12 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzm...

DOWAMY
pic
11 Awg

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde ol Serhetabat etrabynyň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna baryp, şol ýerden Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen...

DOWAMY
pic
5 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň häzirki başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝHHG-niň işiniň häzirki gün tertibindäki meselelerini, Türkmenistan bilen Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Ko...

DOWAMY
pic
2 Awg

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda

2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň,...

DOWAMY