SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Plenar mejlisleriň dowamynda häzirki zaman media ulgamyny ösdürmek, taryhy-dokumental mazmuny döretmek, taryhy maglumatlary ylmy taýdan öwrenme...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Sirojiddin Muhriddin mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasat...
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleler toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini kanagatlanma bilen...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garadylar. Iki döwletiň halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyna aýra...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Sekretary Ilçi Nazrul Yslam bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol gün Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň çäkler...
Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi. «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, h...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler kesgitlenildi....