Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky Baş konsuly bilen geçirilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Baş konsul B.Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Baş konsullygynda geçirilen duşuşykda taraplar bilelikdäki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijileri hem-de olar bilen ugardaş taslamalar dogrusynda pikir alyşdylar. Bu taslamalaryň Owganystanda we tutuş sebitde parahatçylygyň kemala gelmeginde
hem-de sebitiň ykdysady taýdan ösmeginde möhüm taslamalardygyny bellediler.