Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky Baş konsuly bilen geçirilen duşuşyk

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Hyratdaky täze bellenilen Baş konsuly Haýder Manawer bilen Baş konsul B.Ýolowyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Baş konsullygynda geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilelikdäki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijileri hem-de olar bilen ugardaş taslamalar dogrusynda pikir alyşdylar. Bu taslamalaryň Owganystanda we tutuş sebitde parahatçylygyň kemala gelmeginde hem-de sebitiň ykdysady taýdan ösmeginde möhüm taslamalardygyny bellediler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.