SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÖZ RAÝATLARYNY BEÝLEKI ÝURTLARDAN GETIRMEK BOÝUNÇA IŞJEŇ IŞLERI DOWAM EDÝÄR
Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dörän dartgynly ýagdaý bilen baglylykda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan ýurdumyza gaýdyp gelmegini guramak boýunça işleri dowam edýär. Türkmenistan 2019-njy ýylyň dekabrynda täze ýokanç kesel tiz ýaýrap ugran Hytaýdan öz raýatlaryny getirmegi guran ýurtlaryň ilkinjileriniň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen «Türkmenhowaýollary» Agentligi Hytaýa ýörite çarter uçar gatnawlaryny gurap, türkmenistan...
TÜRKMENISTAN OBA HOJALYK PUDAGYNYŇ MADDY-ENJAMLAÝYN BINÝADYNY BERKIDÝÄR
Ýazky gowaça ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçiren mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde netijeli peýdalanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipeleri ýokary hilli hem-de bellenen m...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SÖWDANY WE TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly me...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz owgan kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Owganystanyň Baştutany gutlaglar we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda şähergurluşygy boýunça özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garaldy. Döwlet Baştutany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigin...
DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA HAT GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident, Amerikanyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda oňyn hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini goldaýaryn. Biziň döwletlerimiziň, işewür toparla...