TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan we döwletimiziň şol döwrüň içinde gazanan üstünliklerini beýan edýän neşirleriň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň metbugat attaşeleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaktorlary, ýerli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistleri gatnaşdylar.

Bu dabarada Mejlisiň agzalary, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet redaktorlary çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada bellediler.

Suratlar bilen bezelen dokuz sany neşir çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Ýörite sap edilen bu neşir önümleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda ýeten sepgitleri barada gürrüň berýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda, gurluşyk, senagat hem-de söwda toplumynda, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ýeten belent derejelerine hem aýratyn üns berildi. Ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlarynda durmuşa geçirilen özgertmeler hakyndaky neşirler bu pudaklaryň Türkmenistanyň milli syýasaty üçin aýratyn ähmiýetini açyp görkezýärler. Şeýle-de «Aşgabat» atly neşiri hem bellemek zerurdyr, çünki ol türkmen paýtagtynyň gözelligini hem-de özboluşlylygyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýär.  

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar kitap sergisi bilen hem tanyş boldular.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /