img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Mar

OWGANYSTANYŇ AKINA ŞÄHERÇESINDE KÖPÇÜLIKLEÝIN BAG EKMEK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistan tarapyndan gurulýan, Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesindäki 500 orunlyk metjidiň ýanynda hem-de Magtymguly Pyragynyň barelýefiniň daş-töwereginde bag ekmek çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Mazary-Şerip şäherindäki Konsullygynyň işgärleri, ýerli türkmen diasporasynyň wekilleri, Akina şäherçesiniň häkimi, OYR-nyň...

DOWAMY
pic
21 Mar

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn ald...

DOWAMY
pic
21 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE GUTLAG HATYNY IBERDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň ýokary hünär ussatlygyny hem-de uly syýasy tejribesini belläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem özara düşünişmegiň we ynamy...

DOWAMY
pic
21 Mar

MILLI LIDERIMIZ ÝAZKY KÖPÇÜLIKLEÝIN BAG EKMEK DABARASYNA BADALGA BERDI

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy mö...

DOWAMY
pic
21 Mar

DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA HATLAR GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti, Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna öz adymdan hem-de azerbaýjan halkynyň adyndan iň gowy arzuwlarymy iberýärin. Tebigata täze öwüşgin we ösüş eçilýän bu baýramçylyk adamlary asylly işlere çagyrýar. Ýaňy-ýakynda Siziň Azerbaýjana bolan resmi saparyňyzyň çäklerinde geçirilen duşuşygy hem-de giň ugurlar boýunça guralan pikir alyşmalary ýakymly duýgular...

DOWAMY
pic
21 Mar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny giňden belläp geçýäris. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram tebigatyň jümle-jahana täzelenişi paýlaýan bahar paslynda dünýä bileleşigi tarapyndan giňden bellenýär. Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň döwrümizde täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyr...

DOWAMY
pic
20 Mar

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawo...

DOWAMY