SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ANWAR GARGAŞ ADYNDAKY DIPLOMATIK AKADEMIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE MAKSAT EDINÝÄR
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-HABITAT BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen...
TÜRKMEN-WÝETNAM DIM-ARA GEŇEŞMELERI BARADA
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinj...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy. Taraplar “Ýewropa Bi...
TÜRKMENISTANDA TÄZE ZELANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Sara Meri Uolş hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ SUKUBA UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi....
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SUKUBA UNIWERSITETINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklaryň pugta...