TÜRKMENISTANYŇ BAŞTUTANY YHG-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň 16-njy Sammitiniň Geňeşine gatnaşdy.

«Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilýän nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Alihan Smailow, Pakistan Yslam Respublikasyna Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar ul-Hak Kakar gatnaşdylar. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Sammitiň gün tertibine YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri, şeýle hem bu köptaraplaýyn düzümiň işini kämilleşdirmegiň mehanizmleri girizildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň YHG-a gatnaşýan ýurtlaryň umumy ösüşiň ýolunda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygynyň nobatdaky beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, mundan iki ýyl ozal Aşgabat şäherinde guramanyň 15-nji sammiti üstünlikli geçirildi. Türkmenistanda geçirilen mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler düzümiň işine täze itergi berdi.

YHG-ny özgertmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara giňişlikde abraýyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere aýratyn üns berildi. Özbek Lideri şu günki taryhy sammitiň we onuň jemleriniň netijeli hem-de täsirli düzüm hökmünde guramanyň mundan beýläk-de berkemegine, köpugurly hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.

Soňra Özbegistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Başlygyna — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany özbek Liderine YHG-nyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Şu günki ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşleriň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde geçirilýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ol wehimleriň çylşyrymly häsiýetdedigine garamazdan, şol bir wagtda, täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, bu mümkinçilikleri netijeli we döredijilikli görnüşde ulanmak, häzirki geoykdysady üýtgeşmeler babatda YHG-nyň eýe bolan ähli amatly ýagdaýlaryny herekete getirmek ýaly meseleler ýakyn geljek üçin guramanyň esasy wezipesi bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany munuň üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýtdy.

Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň möhüm waka bolandygy bellenildi. Bu duşuşyk ähmiýetli başlangyçlara we wakalara baý bolup, bilelikdäki işlere täze itergi berdi. Onda kabul edilen “Hereketleriň Aşgabat konsensusy” baş resminama bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlaryny, hususan-da, söwda, ulag, aragatnaşyk, energetika, senagat, ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri we beýlekileri öz içine alýar.

15-nji sammitde kabul edilen resminamalara, kararlardyr ylalaşyklara esaslanyp, bize gysga wagtyň içinde özara gatnaşyklary kesgitlemek, wajyp ähmiýetli meseleleri açyp görkezmek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge başlamak zerur bolup durýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň garaýşyna laýyklykda, häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan käbir möhüm ugurlar barada durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady.

Ilki bilen, häzirki wagtda YHG-nyň çäklerinde gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bellenildi.  

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk eden döwründe guramanyň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip edendigini ýatlatdy. Olara harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde garalýar.

YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň möhümdigi bellenildi. Bu babatda biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz öňünde tutup, gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy zerur bolan gymmatly tejribesi bar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-nyň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir. Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar. Bu işde guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir. Şonuň üçin möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýäris. Amaly nukdaýnazardan, degişli döwlet edaralarynyň, hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy we Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň, Gara deňziň portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meselelerini geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Şunuň bilen birlikde, halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň, ýöriteleşdirilen guramalar bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmagyň bu düzüm üçin möhümdigi nygtaldy.

Energetika bilelikdäki işiň ýene bir wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygy pudaklarynyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy, bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürdi, olara YHG-nyň käbir ýurtlary hem gatnaşýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we bu guramanyň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işleri giňeltmäge çagyrdy. Türkmenistan öz tarapyndan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga taýýardyr.

Çykyşlaryň barşynda gurama gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmak maksady bilen, YHG-nyň söwda ylalaşygy (ECOTA) we söwda amallaryny aňsatlaşdyrmagyň strategiýasy ýaly sebit söwdasyny kämilleşdirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi.

Şunuň bilen birlikde, sebitde ulag düzümini ösdürmek üçin görülmeli zerur çäreler barada aýdyldy.

* * *

Geçirilen sammitiň meýdançasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

 Söhbetdeşlikleriň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça, maliýe-ykdysady düzümleriň arasynda, energetika, senagat we gurluşyk önümçiligi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

mfa.gov.tm