Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy

 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly Batyr Ýolow Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Amir Han Mottaka Konsullyk patentini gowşurdy.
 Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Diplomatlar şeýle-de geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.