img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tara...

DOWAMY
pic
27 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Şeýle hem 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi. Çykyşda häzirki döwürde dialogyň, diplomati...

DOWAMY
pic
27 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan çykyş eden daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türk...

DOWAMY
pic
26 Maý

Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 25-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan...

DOWAMY
pic
23 Maý

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini...

DOWAMY
pic
23 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Sergeý Lebedew bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köptaraply dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigin...

DOWAMY
pic
22 Maý

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi. Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we...

DOWAMY