SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio K...
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezide...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşyldy. Taraplar yzygiderli gepleş...
Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara hormat...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady. Atçylyk-sport...
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk duşuşmaga wagt tapandygy hem-de ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz bilen Niderlandlar Patyşalygynda duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenist...