SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy....
Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin...
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 7-nji maýy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gruziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň we Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň Prezident Serdar Berdimu...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, ş...
Türkmenistanda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Irden Söwda-senagat edarasynyň öň...