MÖHÜM MARKETING: «TÄÇ HIL» SÖWDA NYŞANLY SANITAÝZERLER

«Täç hil» hususy kärhanasy antibakterial serişdeleriň we zyýansyzlandyryjy erginleriň (sanitaýzerleriň), şol sanda üzärlik tohumynyň esasynda ýasalan şeýle serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Häzirki günlerde arassaçylyk-zyýansyzlandyryjy serişdeleriň wajyplygyny göz öňünde tutup, biz «Täç hil» kärhanasynyň öndürýän önüminiň şu görnüşiniň düzümi bilen gyzyklandyk. «Täç hil» HK-nyň marketing boýunça menejeri Säher Aşyrowyň aýtmagyna görä, şeýle serişdeleriň düzüminde spirt we gliserin bar.

Alyjylaryň islegi göz öňünde tutulyp, dürli hoşboý ysly antibakterial suwuk sabynlary kiçi gaplarda hem (50 ml) çykarmak ýola goýuldy, netijede ony ýanyňa alybam bolýar. Kompaniýanyň hünärmenleri düzüminde köp möçberde alkaloidler bolan üzärlik tohumynyň esasynda taýýarlanan arassaçylyk serişdesini işläp taýýarlandyklaryna aýratyn buýsanýarlar.

Kompaniýanyň önümleriniň 45 görnüşiniň ählisi-de halkara talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan we alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Olaryň arasynda arassaçylyk, çagalar üçin we kosmetiki çygly süpürgiçler, şeýle hem «Täç hil» nyşanly şampunlar we duş üçin geller, zyýansyzlandyryjy serişdeler bar.

Kompaniýanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän, Germaniýada öndürilen awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen enjamlaşdyrylan zawodynda gipoallergen we antibakterial serişdelerden başga-da, durmuşda ulanylýan himiki serişdeler hem-de gaplaýjy paketleriň giň görnüşleri çykarylýar. Kärhanada ulanylýan serişdeleriň hiç birinde adam saglygyna zyýanly komponentler ýokdur.

«Täç hil» kärhanasynyň önümleri Eýrana, Azerbaýjana, Gazagystana, Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýär. Kompaniýa eksporta iberýän harytlarynyň görnüşlerini we olaryň iberilýän ýurtlarynyň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /