HALKARA MALIÝE HOWPSUZLYGY OLIMPIADASYNDA ILDEŞLERIMIZIŇ ÜSTÜNLIGI

Russiýa Federasiýasynyň müdirlikleriniň we ministrlikleriniň – Federal maliýe gözegçilik gullugynyň, Magaryf ministrligi we Ylym hem ýokary bilim ministrliginiň bilelikde guran Halkara maliýe howpsuzlygy Olimpiadasynyň ýeňijileriniň arasynda ildeşlerimizden iki talyp bar.

Olimpiadada “Halkara gatnaşyklary” ugry boýunça birinji orun Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesowa berildi. Olimpiadanyň bu ugrunda diňe 1 ýeňijiniň yglan edilendigini, onuňam talyp ildeşimiz bolandygy guwandyryjydyr.

Şol ugurdan ikinji orny paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukuk we halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Atajan Metjiýew eýeledi.

Şeýlelik bilen, türkmen talyplary bäsleşigiň jemleýji dabarasy geçirilen Russiýanyň Soçi şäherinden mynasyp gazanylan ýeňiş kubogy we baýrakly orunlary eýelänlere berilýän diplomlar bilen Watanymyza gaýdyp geldiler. Jemleýji tapgyra degişli çäreler 10-15-nji oktýabr aralygynda “Sirius” federal çäginde geçirildi.

Finalda Türkmenistanyň adyndan şu ýylyň maý aýynda geçirilen deslapky seçip alma synaglarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinden 10 talypdan ybarat milli topar çykyş etdi.

Olimpiadada 12 ýurtdan – Russiýadan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Ermenistandan, Braziliýadan, Hindistandan, Günorta Afrikadan we Hytaýdan 40 müňe golaý talyp tomaşaçy boldy. Gözden geçirilişiň jemine 500 töweregi adam girdi, oňa gatnaşan 12 ýurtdan 26 mekdep okuwçysy we 72 talyp ýeňiji boldy we baýrakly orunlary eýelediler.

Olimpiada gatnaşmaga dünýäniň ýokary okuw mekdeplerinden bakalawr, spesialitet we magistratura talyplary, şeýle hem rus mekdepleriniň 8-10-njy synp okuwçylary çagyryldy. Bu olimpiadanyň şu ýyl ikinji gezek geçirilişidir. Oňa gatnaşýanlaryň sany üçden bir esse artypdyr, netijede geografik gurşaw geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ýene bäş ýurt goşuldy. Bu ýagdaý ýaşlaryň arasynda maliýe sowatlylygynyň we howpsuzlygynyň möhüm meselelerine gyzyklanmanyň ösýändigine we artýandygyna şaýatlyk edýär.

Olimpiada ykdysadyýet, maliýe we karz, ykdysady howpsuzlyk; maglumat howpsuzlygy; hukukşynaslyk; halkara gatnaşyklary ugurlary boýunça rus we iňlis dillerinde geçirildi.

Olimpiada gatnaşýanlaryň umumy maglumat, maliýe we hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, pikir ýöretmegiň täze görnüşlerini ösdürmek, çuňňur bilimli, maliýe howpsuzlygy pudagynda başarnykly zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we okuwçylaryň aň-bilim hem ylmy barlag işlerini höweslendirmek onuň esasy maksatlaryndandyr. 

Olimpiadanyň ýeňijileriniň we baýrakly orunlary eýelänleriň Halkara Tor Institutynyň ugurdaş hyzmatdaş uniwersitetlerine kabul edilmekde artykmaç hukuk, şeýle hem Rosfinmonitoringde we maliýe pudagyndaky guramalarda tejribe geçmek mümkinçiligini alýandygyny bellemelidiris.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67157/halkara-maliye-howpsuzlygy-olimpiadasynda-ildeslerimizin-ustunligi