Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Dewid Kemerony myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna hem-de Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan abraýly guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, dialog medeniýetini ilerletmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürdi we olar giň goldawa eýe boldy. Ynsanperwer syýasat barada aýdylanda, Türkmenistan tarapyndan halklara ynsanperwer kömekleriň yzygiderli iberilýändigi bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň goldanylandygy üçin hoşallyk beýan edildi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplaryň pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak maksadalaýykdyr. Nebitgaz pudagy, oba hojalygy, täze tehnologiýalar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi.
Howanyň üýtgemegi we onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan wajyp ugurlaryň biri boldy. Häzirki wagtda bu meseleler halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýandygyny we “ýaşyl” ösüş ugrunda anyk işleri amala aşyrýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidiginiň zerurdygyna üns çekildi.
Britan tarapynyň bilim ulgamynda, hususan-da, bilim maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we iňlis dilini okatmaga ýardam bermek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeron birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.
mfa.gov.tm