Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.
Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salamyny, gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Germaniýa Türkmenistanyň ÝB-däki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Germaniýa lukmançylyk senagaty, oba hojalygy, bank ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Duşuşygyň dowamynda myhman Arkadagymyzyň geçen ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň wajyp ähmiýetini belledi. Onda “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşinde Berlinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň, bilelikdäki işewürlik forumynyň netijeli häsiýetine aýratyn üns çekildi.
Germaniýanyň “Goetzpartners” kompaniýasynyň wekilleriniň şu ýylyň başynda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoryny bar bolan mümkinçiliklerden, şol sanda ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl” energetika, inklýuziw we “akylly” şäherleri gurmak ulgamynda döreýän mümkinçiliklerden has giňden peýdalanmaga çagyrdy hem-de komitetiň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
mfa.gov.tm