SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi....
TÜRKMEN-RUS STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaş...
AŞGABATDA TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň we Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň...
The concept of the debate of the UN General Assembly on the Zones of Peace, Trust and Cooperation of Central Asia, initiated by Turkmenistan, was published as an official document of the 77th session
The concept of the debate of the UN General Assembly initiated by Turkmenistan on agenda item 61 "Zone of Peace, Trust and Cooperation of Central Asia" was published in the six official languages of the Organization as a document of the 77th session of the General Assembly (A/77/859). The debate is scheduled for 16 May 2023 at United Nations Headquarters, in accordance with General Assembly resolution 76/299 of 28 July 2022 on the Central Asian Zone of Peace, Trust and Cooperation. The do...
AŞGABATDA ULAG BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda geçirilen bu foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşdy we olaryň arasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary (BMG, ESCAP, ÝHHG, USAID, IRU, TRACECA), milli we halkara ulag we logistika...
OWGANYSTANYŇ HYRAT WELAÝATYNDA YNSANPERWERLIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji maýynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan 2016-njy ýylda ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan ynsanperwer çäresi geçirildi. Çäre ýaňy-ýakynda owgan tarapynyň haýyşy boýunça türkmen tarapynyň bu saglyk öýünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirilmegi mynasybetli gurnalyp, onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk ö...
TÜRKMEN WEKILIÝETI KATARDA OWGANYSTAN BOỲUNÇA YÖRITE WEKILLERIÑ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyñ 1-2-nji maýynda Katar Döwletiniñ Doha şäherinde BMG-niñ Baş Sekretarynyñ howandarlygynda Owganystan boỳunça yörite wekilleriñ duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niñ Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniñ wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiyew gatnaşdy. Duşuşykda Owganystanyň häzirki syỳasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ỳagdaỳlary barada pikir alyşyldy. Türkmen wekiliỳetiniñ ỳolba...