SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “ROSSOTRUDNIÇESTWONYŇ” ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy E.Mitrofanowanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Birek-biregi gyzgyn garşylamak bilen, taraplar birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasyny...
“ARAL DEŇZI SEBITINDÄKI ÝURTLARA KÖMEK BERMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ TÄZE MAKSATNAMASYNY” IŞLÄP DÜZMEGIŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda iki günlük Aşgabatda «Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň üçünji duşuşygy geçirilýär. Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) b...
AŞGABATDA DIN AZATLYGY MESELELERINE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanda din we din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Adalat ministrliklerinden, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekiller, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça bölüminiň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dürli konfessiýalardyr dini guramalaryň weki...
TÜRKMEN-EMIRLIKLER GATNAŞYKLARY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA BERKIDILÝÄR
2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitarapla...
HALKARA TEATR FESTIWALY: SÖZSOŇY
?Teatr – durmuşyň aýnasy» - diýen ýörgünli söz bar. Teatr durmuşymyza batyrgaý ideýalar berip we dünýagarýşymyzyň çäginden çykmaga ýardam edip, durmuşymyzy üýtgedýär – diýip onuň üstüni ýetiresim gelýär. Aşgabat halkara teatr festiwalynda dürli stildäki we görnüşli, nusgawy ýörelegelere eýerilen ýa-da üýtgeşikligi bilen haýran edýän, döwrebap şekillendirilen ertekiler we erteki kysmy hakykat, gussaly komediýalar we durmuşa höwes döredýän tragediýalar, eposlaryň häzirki döwrüň meselelerini goz...
AŞGABATDA HALKARA TEATR FESTIWALY TAMAMLANDY
Şu gün paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu iri forum myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Teatr sungatynyň festiwaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däpleri...
BAE-NIŇ DUBAÝ ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇDI
2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y...