SOŇKY HABARLAR
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi we Hazar ekologik sammiti ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar. mfa.gov.tm
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birnäçe duşuşyklara we medeni-ynsanperwer ugur boýunça çärelere gatnaşar. mfa.gov.tm
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkalaşyga agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşar. mfa.gov.tm
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew ýokary derejeli çäreleriň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň, ilkinji Hazar ekologiýa sammitiniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi me...
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. mfa.gov.tm
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi we hemmetarap...
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklara we çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Hazar ekologiýa sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. mfa.gov.tm