img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - HYRAT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň iş...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA SYNÇY DEREJESINDE GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
14 Maý

DIM-DE PANDEMIÝANYŇ ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝYNA ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ GOWŞADYLMAGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady  ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar. M...

DOWAMY
pic
14 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-DA «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝA: TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ TEJRIBELERI» ATLY MASLAHAT

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda onlaýn görnüşinde «Öňüni alyş diplomatiýa: Türkmenistanyň, Owganystanyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tejribeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Türkmenistanyň BMG-n...

DOWAMY
pic
14 Maý

MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN BAŞLANGYJYNYŇ ONLAÝN-TANYŞDYRYLYŞY

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “COVID-19 pandemiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-niň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, şeýle hem MHG-niň agza döwletleriniň Merkezi Aziýadan, Russiýadan we Ýewropadan wekilleri, MHG-niň hünärmenleri, donor guramalary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utg...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HHR-DAKY ILÇIHANASY HALKARA MUZEÝ GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞYGYNY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLADY

2020-nji ýylyň 13-26-nji maýy aralygynda Hytaýyň Bütindünýä parahatçylyk gaznasynyň “Parahatçylyk bagy” muzeýinde, Pekiniň Halkara parahatçylyk medeniýeti Gaznasy, Daşary ýurtlar bilen dostluk boýunça Pekin birleşigi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halkara muzeý güni mynasybetli, Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergini gurnady. Türkmenistanyň Ilçihanasy “Parahatçylyk bagy” muzeýinde birnäçe eksponatla...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNSYBETLI WE DAŞARY YKDYSADY IŞINI ÖSDÜRMEK WE IŞJEŇLEŞDIRMEK BILEN BAGLY WIDEO DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (DEIK) başlygy Nail Olpakyň we Türkmen-Türk Işewürlik geňeşiniň başlygy Halil Awjynyň ýolbaşçylgynda bu geňeşiň wekilleri bilen wideo konferensiýa arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi, Stambuldaky Baş konsuly we Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Tü...

DOWAMY