SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär....
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk...
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkme...
Hyrat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Baş konsullyk tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, owgan tarapy bilen bilelikde, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda Hyrat şäheriniň esasy ýollary boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurnaldy. Bu sport çäresine Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri we Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Baş konsullyk tarapyndan Bütindünýä welosiped gün...
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalga...
Sport ulgamynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe we sport müdirliginiň edara binasynda Owganystanyň sport ministriniň w.ý.ý. Ahmadulla Wasek bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda tar...
Türkmenistan bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde bi...