SOŇKY HABARLAR
GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisiň barşynda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
GDA-NYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ BABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GENEŞINIŇ ÝÖRITE MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça XXXI ýörite mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Duşuşygyň gün tertibi Arkalaşygyň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça möhüm meseleleriniň birnäçesini öz içine aldy. Mejlisiň başynda taraplar GDA gatnaşyjy döwletlerinde täz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DOGLAN GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLARY KABUL EDÝÄR
2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşady. Bu Muhammet Pygamberiň ýaşydyr. Türkmen halkynyň asylly däplerine görä bu ýaşa ýetmek – belent mertebe bolup durýar. Şanly sene mynasybetli türkmen baştutanyna döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglar we gutlag jaňlarynyň yzy üzülenok. Şunlukda özleriniň türkmen kärdeşlerini telefon arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Owganystan Yslam Respublikasyny...
KOREÝANYŇ HALKARA SÖWDA ASSOSIASIÝASYNYŇ WE «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-ni ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onlaýn görnüşde geçen duşuşygyň işine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assos...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmegi geple...
KIÝEW ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GÜNÜNI BELLEMEK DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Kiýew şäheriniň merkezindäki seýilgähde, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününi, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi bellemek dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşan myhmanlar, hususan-da, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radanyň deputatlary, “Interbudmontaž” we “Altkom” şereketleriniň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň...
ANKARADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEYKELINE GÜL GOÝMAK DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Gül goýmak dabarasyna Türk...