SOŇKY HABARLAR
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky do...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Aziýa ösüş bankynyň wekiliniň arasynda duşuşyk
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerresiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Hyzmatdaşlygy...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk...
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, oňa ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublika...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň me...
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisin...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul ede...