RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Dek

AŞGABATDA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Şu gün, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow I.Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň Türkmenistanyň M...

DOWAMY
pic
8 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ “ITALIÝA-MERKEZI AZIÝA” DÜZÜMDÄKI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.   Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit...

DOWAMY
pic
8 Dek

DUŞANBE ŞÄHERINDE MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary,...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASY BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de...

DOWAMY
pic
4 Dek

DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BSGG-NIŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda täze bellenen BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagalalary etjekdigini beýan etdi. T...

DOWAMY
pic
4 Dek

DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda...

DOWAMY
pic
4 Dek

DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň...

DOWAMY