SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de Zenanlaryň Dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklar...
PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNYŇ PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDÄKI ÄHMIÝETLI ORNY BARADA
Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda Parlamentara forumy öz iş...
AŞGABATDA BIRINJI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PARLAMENTARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda birinji Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Forum başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow ýygnanlara gutlag...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÖRDÜNJI AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN SUW SAMMITINE GATNAŞDY
23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa - Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribe...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 3-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi. Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşm...
AŞGABATDA NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürme...