RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Iýun

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI ÝOLLADY

akynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi. Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tn 700 kg ýük iberdi. Owgan halkyna ynsan...

DOWAMY
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÄZE BELLENEN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçiliriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi....

DOWAMY
23 Iýun

TÜRKMENISTAN ÝER TITREME HELÄKÇILIGINE UÇRAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER

2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. DIM-ni...

DOWAMY
22 Iýun

TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÝANYNDAKY ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ HALKARA MERKEZI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistan...

DOWAMY
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Prezidentleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygy boldy. Gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň özarabähbitli tagallalaryň birleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm ugurlar...

DOWAMY
15 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ BEÝIK RUHY LIDERI AÝATOLLA ALI HAMENEÝI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideriniň kabulhanasyna bardy we ol ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy. Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň...

DOWAMY
14 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Kabul edýän tarapyň wekili bilen howa menziliniň resmi wekiliýetler otagynda geçen gysga söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejes...

DOWAMY