SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we...
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit w...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikd...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy. Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlar...
Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet s...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. «Orbeliani» köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Ik...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Palestina tarapy Palest...