SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBE ŞÄHERINDE TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň serhetüsti hereketiniň öňüni almak maksady bilen serhetleriň howpsuzlygy boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Duşenbe şäherinde saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar. Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňe...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 20-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtoulag benzinini, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçile...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. https://www.mf...
СОСТОЯЛСЯ ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ КАЗАХСТАН
15 октября 2022 года состоялся государственный визит Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова в Республику Казахстан. Следует отметить, что 14 октября члены Правительственной делегации Туркменистана провели в Астане переговоры со своими казахстанскими коллегами, на повестку дня которых были вынесены приоритетные вопросы двустороннего взаимодействия в различных областях. При этом предметом заинтересованного обсуждения стали возможности продуктивного сотрудничества в сфере энергетики...
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça geçirilen welosipedli ýöriş
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň “Dawander” welosipedçiler topary “TOPH taslamasy – parahatçylygyň nyşany” şygary astynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinden Kandagar welaýatyna çenli aralykda welosipedli ýöriş geçirdiler. Olar taslamanyň ugry boýunça Hyrat-Farah-Nimruz-Helmend-Kandagar welaýatlaryndan geçip, şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Kandagar welaýatynyň Spin Boldak etrabynyň owgan-pakistan serhedine baryp ýetdiler.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "MERKEZI AZIÝA - RUSSIÝA" SAMMITINDÄKI ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BAŞLANGYÇLARY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletreleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmat...