RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Apr

YSLAMABATDAKY COMSATS UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory Prof.Dr.Muhammad Afzal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen COMSATS uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Päkistan tarapy COMSATS uniwersitetiniň fakultetleri, ylmy işleri we gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Türkmen tarapy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty esasynda halkara...

DOWAMY
pic
10 Apr

GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI

Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...

DOWAMY
pic
10 Apr

AMBASSADOR OF BELGIUM PRESENTED COPIES OF HIS CREDENTIALS

On April 10, 2023, the Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan V.Hajiyev met with the newly appointed Ambassador of the Kingdom of Belgium to Turkmenistan Michel Pietermans (with residence in Baku), who is in Ashgabat on a working visit. In frames of the presentation of copies of credentials, the Turkmen side expressed its readiness to provide all possible assistance and support to the activities of the Ambassador in his new position. During the meeting, the main directions and...

DOWAMY
pic
10 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin tassyklanylan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň UNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
7 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün tutuş ýurdumyzda, şol sanda täze Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi. Olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini geçir...

DOWAMY
pic
7 Apr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, her bir raýatyň abadan we döredijilikli durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýas...

DOWAMY
pic
7 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň wekiliýetini...

DOWAMY