SOŇKY HABARLAR
“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” 16-NJY HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ GÜN TERTIBI BOÝUNÇA PIKIR ALŞYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda, Aşgabatda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna taýýar...
PEKINDE TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda iş saparynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Başlyk Si Szinpin Gahryman Arkadagymyza “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwl...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pik...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe...
TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK HEM BERKITMEK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler. Türkmenistanyň P...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...