TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
![photo](https://herat.tmconsulate.gov.tm/static/uploads/202111/94GC3tIFFDupg6FOGh967FLEJMrg50-920x340.jpg)
2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.
Ýurtlaryň energetika ulgamyndaky özara hereketleriniň derwaýys meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň pudaklaýyn hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.