«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Hyrat şäherinde futzal ýaryşy geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Owganystanyň Hyrat şäherinde sportuň futzal görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bu sport çäresine türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Hyrat welaýatynda akkreditlenen Eýran Yslam Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Baş konsullyklarynyň we BMG-nyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen bu ýaryş diňe bir sport çäresi bolman, eýsem halkara parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşanyna öwrüldi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijiler Baş konsullyk tarapyndan degişli sowgatlar we şahadatnamalar bilen sylaglandylar. Şeýle-de, ýaryşda «Iň gowy derwezeban», «Iň gowy hüjümçi» diýen atlara mynasyp bolan oýunçylar hem aýratynlykda tapawutlandyryldy.