Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly - dünýaniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.
2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Baş konsullykda Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk derejesiniň taryhy we ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Şeýle hem 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda ynsanperwer garaýyşlaryny dünýä ýaýmakda, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň görkezilýändigi we milli taryhda ajaýyp yz galdyran beýik şahsyýet hakynda gürrüň berilýändigi dogrusynda aýtdylar. «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaby diňe bir türkmen halkyna gollanma bolman, eýsem ähli adamzat üçin has möhüm üstünliklere we ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýan eserdigini belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda owganystanly abraýly türkmen wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goňşy Owganystan döwleti bilen alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyna buýsanýandyklaryny nygtap, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri hem-de galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny arzuwladylar.