Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat şäherinde seminar geçirildi
2024-nji ýylyň 25-26-nji dekabry aralygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Mary welaýatynyň sungat işgärleri (Magtymgulyşynaslar) Hyrat şäherlerinde saparda boldylar. Saparyň dowamynda, Owganystanyň Hyrat şäherinde Welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygynyň bilelikde gurnamagy esasynda, Magtymguly Pyraga bagyşlanan seminar geçirildi.
Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleri, Yslam dünýäsinde tutýan orny, türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlige edilýän çagyryşlar dogrusynda türkmen, dari, puştun dillerinde giňişleýin söz sözlediler. Şol sanda, beýik şahyryň dürli dillerde çap edilen şygyrlary okaldy.
Çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň günsaýyn berkeýändigine buýsanýandyklaryny bellediler.