KOKAND TÜRKMEN FOTOŽURNALISTLERINIŇ GÖZI BILEN

Türk döwletleri guramasynyň (TDG) kätipliginiň kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Kokand şäheri 2022-nji ýylyň «Türk dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edildi.

Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde TDG-ä agza we oňa synçy döwletleriň iň tejribeli fotosuratçylary şu günler geçýän «Kokand türk fotosuratçylarynyň obýektiwinde» atly maglumat syýahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

Bu çärä Türkmenistandan Türkmenistan Döwlet habarlar agentliginiň fotosuratlar bölüminiň fotohabarçysy Meretdurdy Rozyýew we «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew gatnaşýarlar.

Bu syýahatyň dowamynda surathabar ussatlary Kokand şäheriniň dürli gözel ýerlerine baryp görerler.

Özbek däbine görä, maglumat syýahatynyň myhmanlaryna dürli milli tagamlardan dadyp görmek mümkinçiligi berildi. Fotožurnalistleri senetçilik merkezlerine-de baryp gördüler. Bu ýerlerde geçirilen ussatlyk sapaklary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

«Kokand türk fotosuratçylarynyň obýektiwinde» atly maglumat syýahaty öz işini dowam edýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67476/kokand-turkmen-fotozurnalistlerinin-gozi-bilen