«TÜRKMEN ALABAÝY – YNAMYŇ WE WEPALYLYGYŇ NYŞANY» SERGISINE GATNAŞANLARA ÝUNESKO-NYŇ SERTIFIKATLARY GOWŞURYLDY
Türkmenistanda oktýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda Suratçylar birleşmesiniň sergi zalynda bu gadymy tohum itlerine bagyşlanan fotosuratlaryň we suratlaryň sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran «Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany» sergisinde ussat fotosuratçylaryň, nakgaşlaryň, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işleriniň ýüzden gowragy görkezildi.
Sergä işlerini teklip edenlere Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň adyndan diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Serigde ençeme asyr bäri türkmen halkynyň hemrasy bolan, adamyň wepaly dosty we goragçysy alabaýyň bahasyna ýetip bolmajak fotosuratlary görkezilýär. Nakgaşlar özboluşly tohum itleriň keşbini üýtgeşik şekillendirýärler. Suratlarda naşyja gügüjikler, adamyň dosty gujurly uly alabaýlaryň görnükli keşbi beýan edilýär.
Isleg bildirýänler 2-nji noýabra çenli sergä gelip bilerler.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67480/turkmen-alabayy-ynamyn-we-wepalylygyn-nysany-sergisine-gatnasanlara-yunesko-nyn-sertifikatlary-gowsuryldy