TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67333/turkmenistanyn-prezidenti-awstriya-respublikasynyn-prezidentini-gutlady-3