TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ UGRY BOÝUNÇA OWGANYSTANDA WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIREN HYRATLY WELOSIPEDÇILER BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 22-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynda hyratly “DAWANDER” welosipedçiler topary bilen konsullygyň işgärleriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda owgan tarapyna türkmen-owgan dostlugyny we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini mahabatlandyrmaga gönükdirip Owganystanda geçiren welosipedli ýöriş çäresi üçin minnetdarlyk bildirildi we sowgatlar berildi.
Ýatlap geçsek, Hyradyň “DAWANDER” welosipedçiler topary şu ýylyň 9-15-nji oktýabry aralygynda, “TOPH taslamasy – parahatçylygyň nyşany” şygary astynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinden Kandagar welaýatynyň owgan-pakistan serhetýaka Spin-Boldak etrabyna çenli aralykda welosipedli ýörişi geçirdiler.