TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASY HALKARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynda gol çeken ikitaraplaýyn resminamalarynyň arasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary söwda palatasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (SSE) arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Resminama dostlukly iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýokarlandyrmaga, milli brendleri ilerletmekde tagallalary birleşdirmäge we harytlaryň hem-de hyzmatlaryň daşary ýurt bazarlaryna eksportyny ösdürmäge ýardam etmelidir. Ol hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň we memorandumlaryň ençemesiniň üstüni ýetirýär, olaryň esasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy daşary ýurtly söwda-seangat palatlalary we assosiasiýalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara kongeress-sergi çäreleriniň esasy utgaşdyryjysydyr. Olary ýokary derejede geçirmek üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur infrastruktura bar.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, onuň dünýa hojalyk ulgamyna goşulyşmagyna, döwrebap senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kemala gelmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady, ylmy we tehniki gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermek Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wezipesidir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy türkmen haryt öndürijileriniň işi we olaryň harytlarynyňdyr hyzmatlarynyň eksporty üçin amatly şertleri döretmäge, daşary ýurtly telekeçilik düzümlerini Türkmenistana çekmäge we işewür saparlary guramaga ýardam edýär. 

Yzygiderli geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary bu möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň 2022-nji ýylyň dokuz aýynyň jemi boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Söwda-senagat edarasynyň 13 sergi we 41 maslaaht gurap, iş tabşyrygyny 113,8 göterim ýerine ýetirendigi belelnildi. Senagat we azyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň eksportyny giňeltmek, “Türkmenistanda öndürildi” belgili taýýar önümleri daşary ýurtlaryň bazarlarynda ilerletmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna wajyp ähmiýet berilýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67131/turkmenistanyn-sowda-senagat-edarasy-halkara-gatnasyklaryny-osduryar