SOŇKY HABARLAR
“AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISI BADALGA ALDY
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažlar b...
TOKIODA GARAŞSYZLYGYŇ 27 ÝYLLYGY HEM-DE “AMUL - HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLAMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Maslahatyň barşynda Ilçihananyň işgärleri häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň ýeten sepgitleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli adamzat bähbitli başlangy...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalary...
TÜRKMENABATDA HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenabat şäherinde Žan-Lui Şlesseriň, "Amul-Hazar 2018" bäsleşiginiň direktory Rene Metsiň we rallä gatnaşýan meşhur türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Mundan öň ekipažlaryň agzalaryna ilkinji ýol kitapçasyny paýladylar. Brifinge 25 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Žan-Lui Şlesser brifingi açmak bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ralliniň guramaçylyk işlerine beren aýratyn ünsi we goldawy, awtosporty...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “AMUL — HAZAR 2018” AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen guralýan bu awtoralli gadymyýetde Ýewraziýa yklymynyň halklaryny, döwletlerini we sebitlerini birleşdirip, biziň ýurdumyzyň çäginden uzalan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýu...
"AMUL-HAZAR 2018" HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ DABARALY ÝÖRÜŞINE BADALGA BERILER
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde "Amul-Hazar 2018" halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden "Amul-Hazar 2018" halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler. Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW SEBITDE IRI BUG-GAZ ELEKTROSTANSIÝANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Energetika işgärleriniň gününe gabatlanan bu waka milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge,...