SOŇKY HABARLAR
"AWAZA" MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA "AMUL-HAZAR 2018" HALKARA AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI TAPGYRY WE ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda "Amul-Hazar 2018" halkara awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyry we ýeňijilere sylaglary gowşurmak dabarasy geçiriler. Dört günüň dowamynda ähli türgenler medallar ugrunda çekeleşikli bäsleşikleri alyp bardylar. Ýöne sport hereketiniň bäsleşikli häsiýete eýe bolmagyna garamazdan, açyk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, dostluga, özara düşünişmäge bolan gyzyklanma...
“AMUL — HAZAR 2018” RALLISINIŇ DÖRDÜNJI TAPGYRY GEÇILDI
14-nji sentýabrda "Amul — Hazar 2018" rallisine gatnaşyjylar iň soňky "Sport Meýdançasy" diýlip atlandyrylan düşelgä geldiler. Bu düşelge Türkmenistanda sportuň işjeň ösdürilýändigini, raýatlaryň beden saglygynyň berkidilmeginiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini alamatlandyrýar. Bedenterbiýe we sport ulgamynda Türkmenistanyň strategiýasynyň baş maksady, ozaly bilen bu ulgamyň mümkinçilikleriniň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegi üçin peýdalanmakdyr. Dö...
RALLI-REÝDE GATNAŞYJYLAR “ALTYN ASYR” TÜRKMEN KÖLÜNE GELDILER
13-nji sentýabrda “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar üçünji duralga — Garagumuň merkezinde ýerleşen “Altyn asyr” Türkmen kölüne geldiler. Ýaryşa gatnaşyjy toparlar “Altyn asyr Türkmen köli” düşelgesine tarap ugrap, alaňlar we takyrlar köp bolan ýaryş ýoly boýunça 236 kilometr geçdiler. “Amul — Hazar 2018” ýaryşynyň üçünji tapgyryna gatnaşan 46 ulagdan pellehana ilkinji bolup, däbe öwrülişi ýaly, Nani...
TAILAND PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Phantipha Iamsudha Ekarohit bilen duşuşyk boldy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny beýan edip, türkmen tarapy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň oňyn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy, Iş dolandyryjysy Mahmud Waeziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ýola goýlan gepleşikleri geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy meselelerini ara alyp masla...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALY
"Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy" ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Her çärýekde çykýan neşirde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy. Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şeýle hem žurnalyň göwrümli makalasy 2018-nji ýylyň mö...
“AMUL — HAZAR 2018”: “GARAGUM ÝALKYMY” MYHMANLARY GARŞYLAÝAR
12-nji sentýabrda ir bilen “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar öz ulaglarynda Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş çäginiň serhediniň golaýynda ýerleşýän “Mary” düşelgesinden çykyp, ýaryşyň ikinji tapgyrynyň badalga aljak ýerine tarap ugradylar. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly boýunça bu ulag marafonyny geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Türkmen Lideriniň pikirine görä, ady rowaýata öwrülen bu ýoluň täze görnüşde dikeldilmegi tut...