TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý YSLAMABATDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 22-nji martynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. 

Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli ugry boýunça ikitaraplaýyn türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin esasda ösdürilmegi üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň ähmiýetini belläp geçdiler.  

Şeýle hem, şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Türkiýäniň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň netijeliligini belläp geçdiler. Yzygiderli esasda geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-türk özarahereketleriniň ösdürilmegine itergi berýär. 

22-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-saud gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumyna seredip geçdiler. Şu nukdaýnazardan, döwletara gatnaşyklarynyň oňyn depgine eýedigi bellenildi hem-de ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.