EKSPORTA GÖNÜKDIRME WE TELEKEÇILIK-ŞEREKETI: MÄŞ ÖNÜMÇILIGI

Dänekösükli ekinleri ýetişdirýän hojalyklarda ekiş möwsümi tamamlandy. Şu ýyl ekarançylar ilkinji gezek 12 müň gektar ýere mäş (mungo kösügini) ekdiler. Bu geçen ýyllardakydan birnäçe esse köpdür.

Sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda şonça meýdandan azyndan 10 müň tonna mäş almak göz öňünde tutulýar. Hasylyň aglaba bölegi (9 müň tonna golaýy) Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler.

Mäş Hindistandan dünýä ýaýran iň gadymy kösükli ekin hasaplanylýar. Ýaşyl kösükliler köp ýurtda bellidir, olar aýratynam Aziýa ýurtlarynda meşhurdyr. Mäş, ozaly bilen, peýdaly ösümlik belogydyr. Bungo kösüginiň düzüminde, şeýle hem kalsiý we magniý, fosfor we kaliý, natriý we selen, demir we mis, B topar witaminleri we kletçarka bar.

Bu ösümligiň birnäçe, şol sanda durnukly oba hojalyk önümçiligi jähtinden hem artykmaçlyklary bar. Ýylylyk söýýän bu ekin suwy az talap edýär, bu bolsa gurak ekarançylyk şertlerinde örän wajypdyr. Mundan başga-da, aralyk ekin hökmünde mäş düzüminde azot bolanlygy sebäpli topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Dänekösükli ekinlere ýöne ýerden «toprak sagdynlygynyň arhitektorlary» diýmeýärler ahyry.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2019-njy ýylda eksporta ugratmak üçin mäş ýetişdirmek taslamasyna girişdiler. Häzirki wagtda «Mäş Taslamasyna» TSTB-niň agzalary bolan oba hojalyk ekinlerini öndürijileriň ýüzden gowragy gatnaşýar.

/ Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /